• 09:00 - 18:00 (перерыв 13:00 - 15:00)
  • 54 Rue de France, Nice
  • +33 629-961-135
  • 09:00 - 18:00 (перерыв 13:00 - 15:00)
  • 54 Rue de France, Nice
  • +33 629-961-135


TEKLIPLER

Ýahta satyn almak

Ýahta satyn almak – örän jogapkärçilikli işdir. Ýaňy gyzyklanyp başlan öwrenjelere bolsa bu iş has hem kyndyr. Ýahta saýlananda birnäçe parametrlere üns berilmelidir. Bilýäňizmi, eger siz ýahta satyn almaga karar beren bolsaňyz, bu karara belki 2-3 günüň içinde, belki-de aýlaryň dowamynda gelensiňiz. Bu ýerde ähli zat diňe maddy mümkinçiliklere däl, eýsem gäminiň parametrlerine we ýagdaýyna, onuň ýasalan wagtyna, guratlylygyna we beýleki şertlerine baglydyr.

Täze gämimi ýa-da O/U (ozal ulanylan)?

Ýahtalary hususy ulanmaklyk aşakdaky kategoriýalara bölünýär:

  • aýratyn sargyt boýunça ýerine ýetirilen;
  • seriýa boýunça goýberilen;
  • ýarym sargyt görnüşinde;
  • ozal ulanylan (O/U)

Bu ýagdaýda satyn alyjylar esasan ýüzüş serişdeleriniň hem-de onuň hyzmat ediliş tölegine görä salgylanýarlar. Aýratyn sargyt boýunça ýerine ýetirilen täze gämiler elbetde ýeterlikli derejede gymmatdyr. Emma olar alyjynyň islegi boýunça enjamlaşdyrylyp, häzirki zaman tehnikasy bilen üpjün edilendir.

Ikinji derejeli satuwdaky harytlaryň gowy we erbet taraplary

Eger ýahtany ikinji derejeli  satuwda onlaýn (internet arkaly) satyn alsaňyz, onuň üçin çykdajy az bolýar. Emma gämi mydama suwa degip durýanlygy sebäpli metalyň okislenmegine hem-de zeňiň ýaýramagyna getirýär. Şonuň üçin haryt satyn alnanda onuň korpusynyň daşky tarapyndaky döwükleriň bardygyna ýa-da ýokdugyna seretmeli. Sebäbi onuň näçe wagt hyzmat etjekligi şoňa baglydyr. Ýöne ýüzüş serişdeleri barada aýdanymyzda bolsa, onuň öňki eýesi gämini ulanmaklyk baradaky maglumatlary berip, onuň ýagdaýy barada maslahat berip biler.

Motor ýa-da ýelken: haýsysy gowy?

Elbetde ýelkenli ýahta örän arzuwçyl (romantiçno) görünýär, emma olaryň ekologiki taýdan arassalygyna garamazdan ýelkenli ýahtalar öz meşhurlygyny ýitirýärler. Sebäbi şeýle gämide belli bir kesgitli zatlary bilmezden hereket etmeklik örän kyn bolýar. Emme, motorly ýahta satyn alsaňyz, onda ony dolandyrmak hem aňsat, ýüzmek hem ýeňil we çalt. Ýöne bu ýerde gäminiň hyzmat ediş we ulanyş üçin töleginiň gymmat boljakdygyny göz öňüne tutmaly.

Ýahta näme maksat bilen alynýar

Ýahtalaryň 4 kategoriýasy bolup, olaryň haýsyna degişli bolýandygy gäminiň ulanyljak ýerine, akwatoriýasyna bagly bolýar:

  • A – ummanlar;
  • B – deňizler;
  • C – kenarýaka suwlar;
  • D – içki suw howdanlary

Biz tejribeli kompaniýa hökmünde, ýahtalary satmaklygy amala aşyrýarys. Öz islegleriňiz bilen kesgitli netijä gelmegiňizi maslahat berýäris: ýahta nähili suwda ýüzmeli? Bu gysga wagtlaýyn gezelençmi ýa-da uzak möhletleýin daşary ýurtlary hem öz içine alýan syýahatmy? Käbir adamlar ýahtada ýaşamaklyk üçin ony zawoddan täzeje satyn almaklygy meýilleşdirýär. Bu ýerde hökmany suratda gäminiň möçberini, göwrümini we amatlylygyny göz öňüne tutmaly.

Birnäçe adamdan ybarat bolan topara yzygiderli gezelençler üçin 6 metrden kiçi bolmadyk mikro klasly ýüzüş serişdesi amatly bolýar. Bu görnüşdäki gämini ýolda äkitmeklik hem amatly bolýar. Köpräk adamly toparlar üçin 12 metr uzynlykda bolan ýahta amatlydyr.

Nähili ýahta satyn almaly we näme üçin ol amatly?

Gowy ýahta gymmat bolýar, emma ýahta edinmeklik bir wagtyň özünde birnäçe gowy ýagdaýlar bilen baglydyr:

Amatly pul goýumy. Eýýäm köp adamlar puly bankda hasapda goýmaklygyň ýa-da öýde saklamaklygyň peýdasyzdygyna göz ýetiren bolsa gerek. Emma, ýygnalan puly amatly söwda goýmaklyk – bu gowy pikir hem-de inflýasiýadan halas bolmaklykdyr. Ýüzüş serişdesini ulanmaklyk möhleti awtomobil maşynyňkydan has uludyr. Diýmek, pul goýumy uzak wagtlap « şatlyk getirer».

  1. Islendik wagt dynç alyşa gitmeklik mümkinçiligi. Ýahta satyn almaklyk – dynç alyş üçin örän köpdürli mümkinçilikler diýmeklikdir. Öz şahsy gämiňiz bolsa islendik wagt syýahat etmäge gidip bolýar.
  2. Sagdyn durmuşa ýol. Ýahta eýeleri suw akymlarynda yz galdyryp, arassa howada bolmaklyk mümkinçiligi köp bolýar, bu bolsa olaryň saglygyny hem-de bedenini fiziji taýdan berkidýär. Şahsy öz gämiň – uly jogapkärçilik. Ýahta idege mätäç, diýmek onuň eýesi diwanda köp wagtlap oturyp bilmez
  3. Suwda gezelenç etmekligi gowy görýänleriň birleşiginiň agzasy bolmaklyk mümkinçiligi. Daş-töweregimizde öz durmuşyny deňizsiz göz öňüne getirip bilmeýän adamlar köp. Her bir täze ýahta edinýän adam şol jemgyýetiň bir agzasyna öwrülýär, olaryň her biri durmuşa üýtgeşik bir aýratyn garaýyşly adamlardyr.
  4. Özbaşdak ulanyp bolýan depressiýa garşy güýçli hereket edýän serişdäni edinmek. Gämi deňize çykandan soň, ýüzüji serişdäniň eýesiniň ähli aladalary adatça kenarda galýar, suw bolsa ähli zady ýuwýar. Eger öz ýahtaň bolsa, şuňa meňzeş lezzetli günleriň her gün gaýtalanmagyny üpjün edip bolýar.

Gämi saýlamakda kömek etmäge mydam taýýardyrys. Biziň saýtymyzyň şygary – Her bir adam ýahta satyn alyp bilýär!