Megaýahtalar özboluşlydyr. Iki meňzeş görnüşli gämi bolup bilmez, sebäbi olar indiwidual buýurma boýunça, buýrujynyň ähli isleglerini göz öňünde tutulyp döredilýärler. Beýle modelleriň öz bir aýratynlygy bolýar: motorlaryň özboluşly dueti, aýratyn tizligi, eksklýuziw gurluş, birnäçe paluba we beýleki häsiýetnamalary özünde jemleýär. Ýelkenli ýahtany ýa-da suwuň ýüzünde birnäçe gatly bina göreniňizde geň galasy zat däldir.
Elbetde, her bir eýe-de şeýle ajaýyp gämigurluşyk eseriniň eýesidigine buýsanýandyr. Şonda-da birwagtlar öz gaýygyna aşyk gurply buýrujynyň tiz wagtyň dowamynda ondan aýrylyp, has özgerdilen görnüşe ymtylýan ýagdaýlary az däl.
Näme üçin megaýahtany satyn almaly?
Megaýahta – bu saýlamalygyň we prestižiň alamaty. Beýle gämä eýe bolmak – dürli ýagdaýlarda özüňi ynamly duýmak, üstün bolmak, daş-töweregiňizdäkilere özüňizi we ýeten sepgitleriňizi sylatmak diýmekdir.
Emma, mega-gämi – bu diňe bir gurplulygyň alamaty däldir. Bu suwda wagtyňy hoş geçirmegiň serişdesidir. Megaýahtada siziň dynç alşyňyz ýatdan çykmajak bolar. Her şeýle gämi eýesine we myhmanlaryna suwda ýüzmek we türgenleşik zalynda türgenleşik geçmek, spa-da dynç almak we bardaky eksklýuziw içgiler bilen tanyşmagy we ýöriteleşdirilip ýasalan dikuçar meýdançasyndan islendik wagt uçuş-gonuş üçin peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Ýadyňyzdan çykarmaň: şeýle gämilerde diňe hünärmenler işleýärler, şonuň üçin rahatlanyp, her bir pursatdan lezzet alyň. Elbetde bu duýgy iň gymmat we ýokary hilli materiallary ulanyp gäminiň içine we daşyna ajaýyp öwüşgün beren dünýäniň iň ökde dizaýnerleriniň kömegi bolmadyk bolsa döremezdi.
Suw giňişliginde megaýahtaly ýüzmekden gowy lezzet barmyka?! Beýle gämileriň suwda ýüzüjiligi ýokary derejededir. Megaýahtany satyn almazyňyzdan öň ýatdan çykarmaň – beýle gämileriň nyrhlary diňe ýokarlanýandyr. Şonuň üçinem olary satyn almak, siziň maýa goýumyňyz bolup biler.
“Gymmadrak!” – megaýahtany almak baradaky karara gelmedikler şeýle pikirlenip bilerler. Hawa, nyrhlar örän ýokary, bu nyrhyň üstüne ýahtany saklamak üçin gerek bolan yzy köp nolly jemi hem goşuň. Ýöne arzuwyňda tygşytly bolup bolarmy, has hem mega-gämileriň bazarynyň özgerýän wagty we öňki döwürler bilen deňeşdireniňde kaşaň gämini edinmek häzirki wagtda has aňsatka?
Megaýahtany amatly bahadan nireden satyn almaly?
Bu soragyň jogaby aňsat: ScanMarine TM (Cofrance SARL) ýüz tutuň. Ol lýuks derejeli mega-ýahtalary satmakda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy hökmünde tanalýar.
Biziň hünärmenlerimiz size planetanyň islendik künjeginde ýelkenli ýa-da motorly gämini saýlap bererler. Möwsümiň täzelegini isleýäňizmi ýa-da siziň göwnüňize diňe okean gämisi ýaraýarmy? Belkide siz serişdeleriňizi biraz tygşytlap aralyk göwrümdäki ýahtany satyn almak isleýänsiňiz? Bu mesele däl. Biziň hünärmenlerimiz gämi bazaryndaky islendik hyzmatlaryň barlagyny geçirerler we ýerlikli maslahatlar bererler. Gäminiň daşky görnüşi, onuň ululygy we enjamlaşdyrylmasy, tehniki düzümi, bellige alnyş, urganlamak, ekipažyň gözlegi, – elbetde, gözleg, bellige almak we gämini ulanmaga almak bilen baglanyşykly köp meseleleri çözmeli bolar. Ýöne bular size däl-de biziň hünärmenlerimize degişli. Siziň işiňiz bolsa diňe gämini gözden geçirmekden we belli bir netijä gelmekden ybarat. ScanMarine TM (Cofrance SARL) kompaniýasyna bil baglaň! Tiz wagtyň dowamynda bütin ömrüňize arzuw eden megaýahtaňyz siziň emlägiňize öwrüler.