Ýahtany satyn almak ýaly iş daşyndan göräýmäne aňsat ýalydyr. Ýöne bir zady berk bellemek gerek, beýle karara örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine göz ýetirilmelidir.
Ýahtany saýlamak
Häzirki wagtda öndürijileriň gerimi giňdir we köpdürlidir. Olaryň her biri hem öndürýän önümlerine guwanyp bilerler. Bu ýahtalar gäminiň ululygyndan başlap onuň oňaýlylyk derejesine çenli tapawutlanyp gidýärler. Öndürijileriň satuwa çykaryljak täze ýahtalaryň hereketlendirijisiniň we beýleki enjamlarynyň saýlawyny özbaşdak ýerine ýetirmäne mümkinçilik berýän gezeklerine ýygy-ýygydan duş gelmek bolar.
Gäminiň göwrüminiň uly boldugyça, bezeginiň gymmat we oňaýly boldugyça, onuň indiwidual buýurma boýunça öndürilmeginiň mümkinçiligi artýar. Gäminiň gurluşygynyň haçan tamamlanjakdygyny takyk aýdyp bolmaýar. Bu buýrujynyň gäminiň gurluşygyň belli bir tapgyrynda üýtgeşmeleri girizmegi bilen şertlenýär.
Gämi gurluşyk ussahanalarynyň aglabasy gäminiň gabarasyny (korpusyny) taýýarlamak bilen meşgullanyp, beýleki jemlemeleri we özboluşlyklary ýörite önümçiliklere buýurýarlar. Olara polatdan we alýuminiýdan ýasalan konstruksiýalar, şeýle hem mebel, içki örtük we içki dizaýna degişli beýleki elementler degişli.
Ýahta satyn alnanda nämeleri göz öňüne tutmaly?
Ýahtany satyn almakda arzuwlaryňyz bilen bir karara gelmek üçin Bütindünýä kerebine (internet) ýüz tutmak iň aňsat çykalga. Ähli zat ýeterlik derejede sada we düşnükli. Munuň üçin: täze ýahtalar nyrhlar diýip gözleg edäýmeli. Bu nyrh bilen baglanyşykly belli bir netijä gelmäne we müşderä gerekli görnüşi saýlamana ýardam eder.
Köp sanly satyn alyjylaryň tejribesinden ugur alyp, islendik täze gämilerde kiçijik ýetmezçiliklerden gaça durup bolmaýar. Şeýle ýetmezçilikleriň esasy ýüze çykýan wagty ýahtanyň ulanylýan ilkinji ýylydyr.
Internet saýlamaga degişli soraglarda hem kömek eder. Bärde saýlaw hökmünde satyn alyjynyň takyk öndürijiden ýahta satyn almak islegi diýip düşünmelidir. Bu ýerde gözleg ýüz tutmalaryny düzmegiň hem kömegi degip biler. Sorag ýüz tutmasyny düzmek gözlegiň gerimini kiçeldip, saýlaw bilen belli netijä gelmäne mümkinçilik döreder.
Elbetde, ýahtanyň özbaşdak gözlegi köp zähmeti talap edýändir. Bu gün ýahtalar täze we olaryň satuwy ýeterlik derejede düşewüntli biznes, emma şonda-da hünärmenlere ýüz tutmak has amatlydyr. Meselem Cofrance SARL (ScanMarine™) kompaniýasy bu bazarda bireýýäm abraýly derejä ýetdi. Kompaniýanyň hünärmenleri gerekli gämini saýlamana, satyn alnan gämini resmileşdirmäne we beýleki resminamalary taýýarlamana kömek ederler.