Soňky wagtlarda gowy dynç almak mümkinçilikleri adamlaryň arasynda has giňden ýaýrap başlady. Adamlar indi kurort şäherleriň myhmanhanalarynda adaty dynç almaklykdan başgada, deňiz kenarynyň töwereginde kruizde (deňizde gämide syýahat etmeklik) örän amatly bolan ýahtalarda dynç almaklygy has gowy görýärler.
Jemgyýetiň käbir wekilleri (gurply, baý gatlagy) eýýäm öz hususy ýahtalaryny edindiler, şonuň üçin olar indiki gezek dynç alyşy özleriniň ajaýyp gämisinde nirede we haçan geçirjekdigini özleri çözýärler. Olardan pesräk, az gurply adamlar bolsa ýahtany kireýine (arenda) alyp, şonuň bilen kanagatlanmaly bolýarlar. Şeýle bolsa-da, soňkular üçin bu o diýen erbet hem däl, sebäbi gaty bir köp bolmadyk serişdeleriň hasabyna olar örän amatly şertde ajaýyp dynç alyş wagtyndan lezzet alyp bilýärler.
Ýahtany kireýine almak näçä durar?
Ilki bilen karara geleliň – adatça ýahtalaryň deňiz üsti gatnawy üçin harçlanýan puluň içine näme girýär.
Çykdajylar
Tertip boýunça seredip geçeliň:
- Aslynda ýahtanyň özüni kireýine almaklyk bahasy ilkibaşdaky gepleşiklerde aýdylýar ýa-da profilli saýtlaryň sahypalarynda ýazylgy bolýar, mysal üçin biziň Katalogymyzda. Bu puluň içine şular girýär:
- ýahtany kireýine almaklyk;
- ekipaž hyzmatlary;
- ekipaž üçin azyk-iýmit önümleri;
gäminiň we ekipažyň ätiýaçlandyrylmagy;
- eger gezelenç ýolunyň ugrunda döwlet marinalary bar bolsa, olar üçin duralga tölegleri.
Berlen tölegler adatça, gäminiň göwrümine, gämide dynç alyş şertlerine, dynç alyş möwsümine, şeýle hem ýahtanyň täzeligine bagly bolup durýar. Ýagny, ýüzüş serişdesi näçe köne hem-de näçe kiçi göwrümde bolsa, şonça-da ýahtany kireýine arzan alyp bolýar. Edil şonuň ýaly bu zatlar dynç alyş möwsüminiň az döwründe deňiz üsti gatnaw etmeklige, şeýle hem öňünden bron etmeklige-de bagly bolýar. Ýahtanyň deňiz üsti gatnawy üçin harçlanjak pul bir hepdelik kruizi hasaplamaklyk bilen kesgitlenilýär. Eger-de siz az möhletleýin kireýine almakçy bolsaňyz, onda siz umumy bahany 6-a bölüp, kireýine aljak bolýan gün sanyna köpeltmeli. Emma welin, eger siz köp möhletleýin kruiz etmekçi bolýan bolsaňyz (mysal üçin bir hepdeden köp), onda umumy bahany 7-ä bölüp, kireýine almakçy bolýan gün sanyna köpeltmeli. Diýmek, iki ýagdaýda hem bir gije-gündizlik kireýine almaklyk bahasy dürli bolar. Näme üçin munuň ýaly «adalatsyzlyk»? Bu gäminiň kruize taýýarlyk zähmet sarp ediş harajatlary bilen baglydyr. Ýagny topara (komanda), goý ol az möhletleýin ýa-da uzak möhletleýin syýahat bolsun, barybir iki ýagdaýda-da birmeňzeş derejede işlemeli bolýarlar. Mundan başgada, deňiz üsti gatnawlaryň arasynda mejbury ýagdaýda toparyň işsiz bolmaklygy hem hasaba alynýar.
- Bilelikde hasaba alynýan çykdajylar:
- ýangyç;
- ýolagçylaryň azyk-iýmit önümleri;
- myhmanlar üçin alkogolly we alkogolsyz içgiler;
- katerler we suw oýunjaklary üçin ýangyç;
- kanallar boýunça geçmeklik üçin töleg;
- hususy marinalarda duralga üçin töleg;
- kir ýuwulýan ýer (praçeçnaýa);
- ýolagçylaryň beýleki şahsy çykdajylary.
Bu görnüşdäki çykdajylaryň jemi syýahatyň ahyrynda amala aşyrylýar. Diýmek, ilkibaşdaky tölegiň üstüne arkaýyn onuň 30% -i goşmak bolýar.
- Goýlan bahasyna salgyt (GBS)
Ýewropa bileleşiginiň aglaba döwletleri fraht tölegine (gämide daşalýan ýük üçin berilýän kireý) GBS girizdiler. Mundan başgada, onuň göwrümi syýahat edýän suwuň haýsy döwlete degişlilikde, hem-de ýahtanyň haýsy baýdagyň aşagynda ýüzüp barýandygyna baglylykda üýtgeýär. Ortaça bu deňiz üsti gatnaw üçin tölegiň 10-20 % möçberde üstüne münýär.
- Ekipaža «çaý puly»
Siziň dynç alyş wagtyňyzyň gowy geçmekligi ekipažyň zähmetine-de bagly bolup durýar, olaryň zähmeti gäminiň işine, hereketine we ýolagçylara doly hyzmat ediş serwisiniň göwnejaý bolmaklygyna ýardam edýändir. Kruiziň dowamynda işgärler gije-gündiz diýen ýaly zähmet çekýärler. Şonuň üçin olara eden zähmetleri üçin sagbolsun aýtmaklyk adaty zatdyr. «Çaý pulunyň» möçberi örän uly göwrümde üýtgeýändir. Ýewropa üçin şunuň ýaly goşmaça töleg kireý üçin jemi tölegden 5-10 % töweregi aralykda üýtgeýär. Emma ABŞ-nyň kenar ýakasynda ýa-da Karib basseýninde deňiz üsti gatnaw üçin goşmaça töleg has köpräk – 10-20 % töweregi aralykda bolýar.
- Gämini ýerleşýän portuna yzyna gaýtarmaklyk
Siz öz marşrut ýoluňyzy gäminiň şertlerine görä özbaşdak saýlamaklyga hukugyňyz bardyr. Ýöne eger siz ýahtadan münen portuňyzdan däl-de başga ýerde düşmekçi bolsaňyz, onda gämini yzyna gaýtarmaklyk üçin harçlanjak çykdajylaryň öwezini dolmaklyga taýyn boluň. Köplenç ýagdaýda bu tölegiň içinde – gämini yzyna gaýtarmaklyk üçin geçilen ýola sarp edilen ýangyjyň tölegi hem-de gäminiň ugran ýerine (ýa-da bolmasa başga ýere) barmaklygy üçin sarp edilen gün sany hasaplanýar.
- Girew
Bu edilen çykdajylara degişli däl bolmagy hem ähtimal, emma şertnamany baglaşmak üçin pul ätiýaçlygyny hem-de garaşylmadyk ýagdaýlar üçin pul serişdesini öňünden taýynlap goýmaklyk gerek. Täze ýahtalaryň eýeleri hökmany şertde – emlägiň zaýalanmagy ähtimal ýagdaýlar üçin girew goýmaklyk barada gürleşmeli. Töleg pulunyň möçberi uly ýahtalar (uzynlygy 60 metre çenli) üçin 10-20 müň ýewro çenli ýetip bilýär. Şonuň üçin şunuň ýaly ýagdaýlara taýyn bolmaklyk gerekdir.
Bu zatlar deňiz üsti gatnaw döwründe hökmany öwezini dolmaly çykdajylaryň esasysy bolar.
Tygşytly görnüş
Eger siz has köp serişde harçlamaga taýyn däl bolsaňyz, onda 15-20 metre çenli bolan uly bolmadyk gämini kireýine almaklyk amatly bolar. Şular ýaly ýahtalary kireýine almaklyk üçin tölegler uly bolmaýar. Köplenç ýagdaýlarda bu bir hepde üçin 1500-5000 ýewro bolar. Kiçi ýahtalarda ekipažyň sany hem az bolanlygy üçin (käwagt bary-ýogy bir ýa-da iki adamdan ybarat), topar üçin çykdajy hem az (takmynan bir hepde 150-200 ýewro) bolar. Mundan başgada bir adama iýmit üçin 200-300 ýewro hem-de her bir ýolagça goşmaça çykdajylar üçin 50-100 ýewro bolar.
Artykmaç pullar bilen aňrybaş dynç alyş
Emma, eger siz öz dynç alyşyňyz üçin tygşytlamak islemeýän bolsaňyz, onda 20 metrden geçýän göwrümli ýahtany kireýine alyp bilersiňiz. Bu ýagdaýda deňiz üsti gatnawyň bir hepdelik tölegi syýahatçylyk möwsüminiň pes bolan döwründe 16 000 ýewrodan başlap (20 metrlik ýahta üçin) syýahatçylyk möwsüminiň gowy döwründe 60 metrlik ýahta üçin 600 000 ýewro ýetip bilýär. Mundan başgada berlen tölegiň üstüne ýokarda görkezilen göterim gatnaşyklaryny goşup goşmaça çykdajylary hem goşýarys.
Tölegler bilen ylalaşdyk. Indi ýahtany kireýini sargyt etmeli!
Sargyt etjmekçi bolsaňyz iň gowusy Scanmarine TM (Confrance SARL) kompaniýasyndan etmeli. Bu öňdebaryjy kompaniýa rus dilini ulanyp, deňiz üsti gatnaw üçin ýahtalaryň düýpli esasy bolan ýahtalar boýunça Ýewropada broker hasaplanýar. Munuň şeýledigine Kataloga seredip göz ýetirip bilersiňiz. Kompaniýanyň işgärleri bolsa size hem amatly hem-de bahasy göwnüňize jaý bolar ýaly ýahtany saýlamaklyga kömek ederler. Mundan başgada siziň dynç alyşyňyzyň ertekilerdäki ýaly bolmaklygy barada aladasyny ederler!